20:20 Saňa ýazlan hatlar | |
Size ýüregimi açyp ýaşadym, Dökdüm gursagymyň içligne çenli. Meniň arzuwlarym, hyýallam bilen Asyl, siz pikirdeş bolara çemli. Gijelerne size başym oýkaýan, Gözüm syýa kylyp ýazýan daňa çen. Ýazan däldir iň jepakeş, söýgüçil aşyklaram hatlaryma deňeçer. Siz - Puşkiniň haty ýaly uzakçyl, Siz şahyryň duýgusy deý arassa. Bes, sizdäki ýeke sözüm, bir harpym Gyz nazaryn aşygyna garatsa. Ýaratsa syryna, gyz haty epläp, torbasynyň iň çuňuna oklasa. Razy, onsoň syrym açan gijeden, Hem arzuwmy haty ýaly bukmasa. Siz syrymy paş etdiňiz, aslynda, Siz guýduňyz kalba zehin, baý gory. Bu haty-da goşga salan, sünnälän Şol hatlaryň çepiksije awtory. Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
