20:26 Seýilgähdäki ahwal | |
Seýilgäh. Ýüregi suwluja baglar, Guşlary bagryna basmaga taýyn. Şeýle bir köz reňkli gülleri bardyr, Hatda oňa gözi degäýjek Aýyň. Bir-biregiň elin gysan agaçlaň başynda bar ýaly söýgi heseri. Öňküden has dili süýji guşlaryň, Owazyna gulagymy keserin. Dem alsaň demiňe heser ýetişer, Janyň süýjäberer, süýjär diliňem. Bir-birini gözi bilen gujaklan aşyklar hem meňzär yşkyň gülüne. Üstünden gül ysy gelýän bu ýerler, Bu yşkbaz başymy aýlaýjak bolýar. Seýilgäh... Gül, baglar, ýigit hem-de gyz, Gözlem bilen ony ýuwdaýjak bolýan. Men oty:ryn yşka başymy büräp, Güller maňa öz goýnundan berdi ýer. ...Ýanymda hem kebelegi kowalap, Oglum bilen gyzym oýnap ýördüler.. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
