21:53 "Sowdy ykbal ýodasyndan..." | |
![]() Sowdy ykbal ýodasyndan, Bagty tapdym ýollaryñda. Çykyp düýäň kadasyndan, Mekan tutdum sollaryňda. Şol gün duýdum ýaşaýyşy, Şol gün duýdum ölümi men. Şol gün kalbym sowdy gyşy, Bir tapmadym dilimi men. Ýatdan çykdy dönüp galba, Süýji bir zat dadanlygym. A sen mähir çoýduñ kalba, Duýdum ýene adamlygym. Tapdym seni millard içre, Dörüp dünýäñ sesligini. Gadam basyp garyp hüjrä, Dolduñ ýürek pesligimi. Müñläp hyýal, ýüzläp maksat, Uly bire deñlendi soñ. Çärýek bagtym takmynan set bolup, hasrat geñlendi soň. Indi ykbal yranmaýar, Ykbalyña spylan soñ. Ýürek möwjäp urunmaýar, Ýitgi dälim tapylan soñ. Ahyr gitdi üýrüp-üýrüp, Et görmänsoñ ykbal mende. Hyýalymdan goşun düýrüp, Mekan tutdy janym tende... Bu gün ömrüñ ilkinjisi. Bu gün meniñ soñky günüm, Özi üçin ýaşan kişi, Indi ikä ýaşar, gülüm! Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |