20:18 Söýüň çagaňyzy! | |
Söýüň çagaňyzy! Söýmekden armaň. Säherler oýanyp öpüň bir salym, Eline tutduryp ullakan alma, Pata berip, uzak ýollara salyň! Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de, Gelerler, Eşitse çagyrýanňyzy. Bir dilegim: şatlyk bilen gussada Oňatlyga ündäň çagalarňyzy! Utanmaň! Gizlemäň ýüzleriňizi, Dymmaklygy, ýygralygy owradyň! Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi, Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň! Ýogsa käte bilýärisem öňünden, Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs: Ilki dymyp, geçip onuň deňinden, Soň tankyt edere adam döredýäs. Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu, Islämzok adamyň peselenini. Ýöne ownuk işde unudaýýarys Döwrüň iň agyrly meselelerni. Synlaň çagaňyzy: işe gümramy, Ýa-da onuň edýän işi galatmy, Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar, Siz öz söýgiňizde boluň gazaply. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
