SUWDAN OT ÇYKARAN GOŞGY Bölek mähnet bulutlar, Öçli garap bir-bire, Dişlerin çarhladylar, Garpyşyp başladylar, Elhenç güpürdi bile.
Başlandy başagaýlyk, Kowha-kowlyk, gaç-gaçlyk. Bulutlaň batly bady, Syçratdy ýalyn-ody. Asman ýürek daglady hem möňňürip aglady. Ezdi ýeri göz ýaşy, Sil-suw edip dag-daşy.
Ýakyndamy, uzakda, Ýyldyrym çakan wagtda. Pena edinip dagy, Synlap otyr, Pyragy. Haýranlar bolup bakdy, Ýaradanyň güýjüne. Soňam galamyn aldy, Çykyp gerşiň künjüne.
“Bulutlar garpyşar, ýyldyrym çakar” - şuny oýa getirdi. “Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!” - giýip, ýazga geçirdi.
Kim bilýär, belkäm, adamyñ öz bolşuny göz öñüne tutandyr. Ot ýaly adamlar kän-ä... "Basan ýerinden ot çykýar" diýilýändir şeýle dogumly adamlara. Ýa-da iki agyz ýalan gepi bilen birgiden adamlañ ýüreginde ýigrenç oduny tutaşdyryp bilýänler. Asly iki pygamberden (Adam ata, Nuh) gaýdýan adamzat neslinden "alan demi hebes" beýle "arwahlaryň" çykyşyna geň galmaz ýalymy... Ýazyjy-şahyryñ baş obýekti-de - ADAM (bolmaly)! Adamzadyñ ot gorsaýşy, imperialist jeňbazlaryň dünýäni otdan alyp suwa, suwdan alyp oda salyşy-da aýdylýanlara doly gabat gelýär. Metafora jüpüne düşende ondan on dürli, ýüz dürli many çykaryp bolýar. Netijede şahyryñ anyk näme aýdany mesaña görnüp, bildirip durjak bolsa, ýa diñe bir many çykarjak bolsak, ol eýýäm goşgy bolmaýar.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]