20:14 Takwa ogry we bagban hakynda hekaýat | |
|
Entäp ýören ogry girip bir baga, Başlan wagty miwelerden ýolmaga. Bagban ony görüp, gelenmiş ylgap, Hem haýbat atypdyr, taýagyn salgap. Gygyrypdyr ogra gataldyp sesin: "Bagda ne görüñ bar? Aşak düş basym!" "Men - Tañry bendesi" - diýipdir ogry, - Tañryñ saçagna geldim men dogry. Tañryñ naz-nygmaty bu zatlañ bary, Maña nähak ýere berýäñ azary". Ol ogra mazaly syn edip bagban, Aýdypdyr: "Men seniñ kimdigñi añýan. Öñem az görmedim sen tetellini, Edil häzir ederin men belliñi. Meñ wagtym ýok ýañkalaşyp durmaga" Diýip, ony başlanmyşyn urmaga. Nadaralyk edip, gygyrýar ogry: "Señ edýäniñ näme, şeýtanyñ kowmy? Tañry bendesine berýärsiñ azap, Beýle gabahatlyk nirde görlen zat?" "Çaky ýagşy takwasyran bolmañam, Ikimizem - urulýanam, urýanam. Gitjek ýerimiz ýok - Tañryñ bendesi, Baglanşykly bu zatlaryñ hemmesi. Eýsem, seniñ bu ýalañaç kebzäñi, Saýgylaýan - Tañryñ taýagy dälmi?" | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
