00:02 Täze ýylyñ bosagasynda | |
Hany, geçiñ giñ saçagyñ başyna! Bäş minut galypdyr onki bolmana. Döz geldik biz ýyllañ tomus, gyşyna, Sarpa goýduk bereketli ummana. Döz geldik tupandyr tüweleýlere, Guran binamyza söýenýär asman. Görenler diýerler: «Baý tüweleme!» Haýran galar rowaýaty gahryman. Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok, Şatlyk hem bagtymyň öñküsem ýeter. Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok, Ýöne köp bolmasyn öñküden beter. Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär, Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle. Doganymça bolsa, diýmek dostum däl, Dogandanam eziz ýeke dost saýla. Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman, Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun. Toý gününde oturşykda oturan Daş çykanda, Oň gybaty az bolsun. Agşamara işden gaýdyp geliner, Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin. Sögünmesin onuň üçin gelinler, Onuň üçin çagalarmyz söýülsin. Soňky sözüm: onki jañyn kakanda, Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller. Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda, Saňa nesip etsin ajaýyp günler! Gurbannazar EZIZOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
