06:30 Toýa gitdim | |
Gury kelle togalanar toý bolsa Diýip, menem bardym iliñ çetinden. Nahar iýdim, toý töwirin galdyrdym, Berhiz saklap, datmasamam etinden. Toý gowy zat, hemmäniñem arzuwy, Tuwmaýak bolmasa, gyzsyz-ogulsyz. Ýyldyzlary duşup, ýaş çatynjalañ, Ak posalak bäbejikler dogulsyn. Hany, toýuñ bagşysynam diñläli, Aýdyp bilýärmikä Amman-ammany Ýogsam kä aýdymdan ýüzüñ utanýar, Geýip çykan ýaly ýyrtyk tammany. Hindiçe tans edýär başaçyk bir gyz, Nämemikäm diýýär saçy kesilen. Ýüregñi gopdurýan saz ýokmy başga, Sen-sen bilen Uçradym bar, meselem. Bilýän däldir heniz ulaljagyny, Ýaşkañ sähelçejik goýberseñ hata. Deñ-duşum däl, meniñ sözüm diñlenmez, Besdir, gulak goýsa enedir at:a. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
