23:27 Ýalñyz durna | |
Näme boldy, otyrsyň sen - uçaňok, Gursagyňda peýkamy bar pelegiň, Ganatlarňy, ganatlarňy açaňok. Elwan gana bulanypdyr ýelegiň, Bu ne ykbal eleginde elenen. Gözüň gamly - nirde seniň söýläniň?! Daňlar owaz etdiň, ne bor öýläniň. Arkaňa alypsyň täleý ýüküni, Seňki deý halymy duýmaz söýýänim... Şonuň üçin ýapdym köňül eýwanym! Suwa tarap boýnuň burup seredýäň, Gözüň bilen bu dünýäni eredýäň. Göm-gök kölem dymyp otyr, ne boldy?!. Kalbyma salyplar hijran hesretin, Guş, meniň ýüzümem seňki deý soldy. Puç çykdymy, dünýä bolan yhlasyň, Umytsyzlyk! Erbet eken ol hasam. Sensiz bu ýollary geler basmasym, Wah, şu wagt uçuryp bolsady seni... Tapylardy dünýäň dermansyz emi. Eý köl, nämä dymýaň tolkun at ahyr, Damjalaryň uçgun bolup syçrasyn! Men seniň alnyňda bir ruhsuz zahyr, Şu durna deý kän dertlere uçradym. Hany durnam? Tapman! Ah, ol men ahyr... | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
