01:26 Ýaraşyk | |
Gursaklarda ýüreklermiz, Dowla düşüp köp urmasyn. Gülleýärkä söýgiñ güli, Öýke-kine kök urmasyn. Arzuwlarmyz gama baglap, Möwjäp ýagyp diñmeýäsmi? Tutuş dünýä saz çalýarka, Ümsümligi diñleýäsmi? Dogry, iýdik duza basyp, Köýüp kakan kebaby-da... Gezerismi ýatlar kimin, Unudyld-a sebäbi-de. Ýetim sözlem başyn egýär, Halamasañ dala, myja. Ýöne hayş, eremänkä, Salyp goýaý sowadyja. "Sen, men"diýip, mähribanym, Biz sözüni çalyşarsmy? Görer gözde bir-birege, Antisöýgi alyşarsmy? Ýok! Tut golumdan, ýüreklermiz, Dowla düşüp köp urmasyn. Gülleýärkä söýgiñ güli, Öýke-kine kök urmasyn. Ahmet ARAZOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
