05:57 Ýat ýere gyz bermäñ! | |
Wah, ne gözel maşgala, Keşde çekse sünnälän. Bigadyra duş bolup, Görýän güni gün däl-ä. Belki, Allañ buýrugy Arzuwynyñ paşmany. Basýar onuñ egninden Ýat illeriñ asmany. Bagt diýlen zat berlenok, Gözýaşa ýa badalga. Indi gyzyñ yhlasy Şu ojaga sadaga. Käbir gyzyñ gylygy Açmaýar hiç ýüregni. Ynanýar hossaryna Ykbalynyñ küregni. Dillenmegi kyn görer, Bir utanjañ ýazygy. Üme düşmez eşitmez Gyz kalbynyñ sazyny. Gyzy oda atanyñ Ýandak bitsin meýdine. Günä galmak bolarmy, Bu döwürde beýdibem? Gaýynlary öwse-de, Hoş ýakanok gulaga. Ýöne ile bildirmez, Günlerinem bulamaz. Bu öý bilen garyşar, Çeker ýörer keşigni. Ýuwar-ardar äriniñ Dolagyny, eşigni. Söýgüsizem sebäp bar, Döremek, dogulmaga. Ýüzi düşer bäbege ~ Gyzlara, ogullara. Kem-kem ýatdan çykyşar, Arzuwlarnyn paşmany. Häzir welin, egninde Ýat illeriñ asmany. Çary ÝEGENMYRADOW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
