16:57 Ýatlama | |
|
Sapdyň. Sada söýdüň, sada synadyň, Säherler senada ýada saldygym. Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn, Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň. Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim, Permanym pes gelip pälwan pelekden. Sensiň diýip bagrym dilip diňledim, Gök titredip aglanynda melekler. Nerkes gözüň nury öçdi gussada, Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme. Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata, Taýyn däldik beýle agyr hijrana. Kem-kem boýun aldym hijriň şertini, Çalykdy seniňem çygjaran çeşmiň. Gozgamaýyn diýip ýürek derdiňi, Sataşjak ýerleňden sowulyp geçdim. Saňa duşjak bolup etmedim yhlas, Jemalyň jebirde görerin öýdüp. Senden jyda düşüp golaýlaşdym has, Senden aýra düşüp, has kämil söýdüm. Mejnun kimin berilsemem yşkyma, Delminip, daglara dada barmadym. Sataşaryn öýdüp gamly keşbiňe, Garaňky gijeler oda barmadym. Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik, Başyň alyp durmy agyr gün näme?! Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik, Sen öz durmuşyňa, men öz dünýäme. Indi jepa berip ýöremzok jana, Gör, ahyry bu dünýäniň gurluşyn: Söýgimiz, ýüregmiz bir biziň, ýöne Seň öz durmuşyň bar, meň öz durmuşym. Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
