17:04 Ýetginjek | |
|
Öñküsine görä üýtgeşik dünýä. Nämüçindir dünýäñ öñküligi ýok. Ol özünden uly bolmak isleýär, Öz ýaşyndan uly bolup bilenok. Görýän düÿşleri hem öñküleri däl, Söýüşen gyzlary bardy bir çene. Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar Gelinleñ, gyzlaryñ gözelligine. Bir täsin täzelik gurşaýar ony, Ol häzirden görjek bolýar geljegin. Howlaýar. Ululañ yzyna düşýär, Geýýär uly doganynyñ penjegin. Uruşly kinolar ýat boldy oña, Düşenok ýadyna oýun, kepderi. A ''Söýgi oduna'' goýberenoklar On alty ýaşyna ýetmedikleri. Ýigitligiñ gapypysyny kakýar ol, Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli? Itse-de, bu gapa goýberenoklar On sekiz ýaşyna ýetmedikleri. Öýe gelýär, urunýar ol iki ýan. Kakasy geñ galýar: ''How, keýpiñ ýok-la?'' ''Meñ ullakan adam bolasym gelýär, Näme üçin meni goýberenoklar?..'' | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
