01:03 Ýetimiñ oýlary | |
|
I. Ýetimligiñ kyn derdini, Bu durmuşyñ ýollarynda Göterdi ata gerdeni, Ykbalymyz gollarynda. Ine, agzym ýetdi aşa Ýöne burnum ganamady. Muşakgat ýagmady başa, Durmuş beýle gynamady. Ýetimdirin, it bolmadym, Ýigit çykanlygym hakdyr. Öz ilimde ýat bolmadym, Ilden aýry bagtym ýokdur. II. Ene bolup, ata ornun tutýan köp, Ata bolup, ene ornun tutýan az. Atam, şol azlaryñ biri bolupdyñ. Ajal kalbymyzda goýanynda yz. Ata bolup başymyzy sypasañ, Ene bolup, basdyñ bizi bagryña. Köp atasumagyñ edişi ýaly, Gidibem bilerdiñ halan ugruña. Gözmonjugy ýaly dört jigerbendiñ Zar etmejek bolup, asla hiç zada. Ýaş bolsañ-da, şindi, atam, şol ýyllar, Köp eşretden eliñ çekdiñ dünýäde. Gaýgyñam biz bolduk, şatlygyñam biz, Eneli çagadan kem ýermiz ýokdy. Hem ene, hem ata mährine ýugrup, Öz bagtyñy bize goýanyñ hakda! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
