13:56 Gezek ýetirse | |
Suwjarma eý ogul dek gez bozulma, Şeýle-de bozjak kän gezek ýetirse. Müzzerme eý ogul dikger üzülme, Şeýle-de üzjek kän gezek ýetirse. Seriňi belent tut, päliň pesden ýört, Ýagşy niýet bile halal nygmat ört, Nadan namart kişä jomart goluň art, Şeýle-de ýykjak kän gezek ýetirse. Bu ömür çarkandyk ýollar geçer sen, Beýige ýeten çagyň dostlar hoşlar geň, Kyn günüňde hoş dostlaryň daşlar çen, Şeýle-de depjek kän gezek ýetirse. Eý durmuş adyl bol merde mert deýin, Namardy hekgertme ot bilen çoýun, Her kese özi bol etdirme oýun, Şeýle-de ütjek kän gezek ýetirse. Halmyrat bu ýoldan ötüpdiň ençe, Kysmatym synagyň hanjaryn sünje, Köňlümi ynjytdyň dözüp sen munça, Şeýle-de dözjek kän gezek ýetirse. 04.02.2024 ýyl. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
