17:52 Ynjama | |
Giç gelen ýaz ýaly, eý, gara gözlim, Meni gözlän gözleriñden ynjama. Uludan dem alyp, göwnüñi ýykman, Saña aýdan sözlerimden ynjama. Bir söýen kalbyñdan geçip gitme kyn, Köñülden-köñüle göçüp gitme kyn, Bolsa-da, pyşyrdap aýtmaga ýakyn, Eşitmedik sözleriñden ynjama. Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy, Şemala şahalar başyny egdi. Saña heser bilen bakmaly wagty, Gabak örten gözleriñden ynjama. Sen meni ýatlagyn kenara gelip, Ýyldyzlar göz gypsa, gözlerim bolup, Meniñ aýdylmadyk sözlerim bolup, Damja gaçsa, gözleriñden ynjama. Mämmetnazar BABANAZAROW. # edebiyatwesungat_81 | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
