00:27 Ýogaldy | |
Ýogaldy, pahyr. Ýetde-gütdedi güni. Üýşdiler ýakyn-ýatlar, Gömmäge görgülini. Gollandy ýerli-ýerden, Kim mal, kim pul getirdi. Ýene iki-ýekesi, Ulag işin bitirdi. Batgaly howla, köçä, Düşediler çagyly. Bejerip, beýgeltdiler, Ýykyk-ýumruk agyly. Ýapjagyn, galan karzyn, Duýdurdy bir işewür. Hakly hem aýtdy ogla: - “Adymdan bar, işe gir!” Gurplysy bar, gurpsyzy, Garaz, il-gün dik durdy, Garaşylan dek onuň, Täzelärine ýurdy. Ýogaldy. Ýoksuldy, mertdi, kişä ýapja bolup ýörmezdi. Ýöne bu goldawlaryň, Gören bolanda ýaryn, Ölmese-de ölmezdi. 2024 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
