08:38 Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat | |
|
Bir Gatyr zeýrendi ýanynda Düýäñ: "Ýola çyksam häli-şindi büdreýän. Ýöremäm hyllalla islendik ýolda, Garaz, bolup ýörşüm gözgyny halda. Dyzlam sypjyrylýar, ýa degýär kelläm, Şoñ üçin kän meniñ üstümden gülýän. Şol sebäpli halys azdy meñ gäbim, Sen-ä büdräýeñok, aýt-da sebäbin?" Düýe oña jogap berdi howlukman: "Biler bolsañ, men has uzagrak bakýan. Seniñ görýän ýeriñ sähelçe ara, Ana, şol hem seni goýýar azara. Men töwerek-daşa belentden garap, Äwmän, alñasaman barýaryn ýöräp. Hut gözüm ýok ýaly, süssürlip barman, Çukur-oýy saýgarmagy başarýan. Seniñ gözüñ ýetýän ýeri şeýle dar, Diñe şol sebäpli çekýärsiñ azar. Ýörejek ýoluñy ykjam saýgarman, Ädim ursañ, mydam çekersiñ arman". | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
