00:25 Zenan | |
|
Bagtdan görk alypdyr, säherden päklik, Zenan Hakyñ zemindäki sogaby. Olar dünýä çylşyrymly mesele, Şol bir wagta dünýäñ sada jogaby. Zenan gözeligiñ ilki keşbidir, Söýgä, mähre... ýugrulandyr kalplary. Ol gözelik dyz çökerdi ikuçsyz, Men-men diýen grek, ýunan, alplary... Zenan näzikligi gülden ileri, Köreýän alawdan güýçlüdir dogmy. Päkizelik guýma gursak şol sebäp, Göwün ýykmaklyga ysmaýar bogny. Zenan gözlerinde tutuş bir dünýä, Çasly gülkileri umyt çeşmesi. Asla baýlygyňa gaýyşma, dostum, Olar diňe hoş sözleriň teşnesi. Zenan Gün deý ýalkym salýar äleme, Bulut bolup öñün tutmak peslikdir. Diñeje 8 däl, tutuş ýyl boýy, Olar bizler üçin mukaddeslikdir. * * * Aslyňyz sadalyk, mähriňiz ummam, Ýüregi söýgiden püre-pür zenan. Siz bilen diri biz sizsizem öli, Siz bilen bu barlyk jennete rowan. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||
