15:44 Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... | |
Şu gün Allaýar Çüriýew 75 ýaşady Garrylyk hakynda ýazan goşgymy, Okap, ony çap etmedi redaktor. Diýipdir: “Bizde ýok beýle garrylar, Hemmesi hoşwagt, bary bagtyýar!” Garrylygam ýaşlyk ýaly bir möwsüm, Özüne ýetikdir onuň görgüsi. Redaktor, ölmeseň garrarsyň senem, Sanalgydyr, meger, ýürek urgusy. Seýrek duşdum garrylygy öwene, Her bir geçen günüň, meger, külpetdir. Çap etmeseň etme, ýöne goşgymy, Garran çagyň ýatlasaň bor, redaktor... 02.03.2024. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||
