03:13 Yşk goşgusy | |
Men ganasym geldi dünýäň lebinden, Lebi asal, dili şirin, dildarym. Zowky-sapa, humar aldy serimi, Birsalym goýnuňda boldum bimaram. Dünýäniň yşkyndan doýan ýok, doýan, Bu saňa-da aýan, maňa-da aýan. Çünki dünýäň özi yşkdan ýasalan, Elden aldyryp men sabr-u-kararym. Kalbymdaky sowulmajak ýaz şondan, Aňzak gyş, jöwzaly tomus, güýz şondan. Hem ýakyp-ýandyran yşk köz şondan. Dünýä bilen ömür galmak hyýalym. Tagzym kyldym yşkdan jan berene, Tagzym kyldym dünýä atly erene. Göwsüm gerip öwsen jahan eline, Gözleý-gözleý takabilmen dildarym. 30-05-02.06.2011 ý. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
