22:31 Atamyñ gysgajyk terjimehaly | |
|
Asyryň başynda dogulan atam, Geçiripdir öz ömrüni külpetde. Öz günäsi bilen ýalňyşam az däl, Garşysyna iş gören kän, elbetde. Ýaş wagty işläpdir NKWD-de, Soň oba şurasy, soň türme, sürgün. Arhangelskiniň buzun gujaklap, Gelipdir diýara sag-aman, gurgun. Bir gürji dostuny ýatlardy käte, Kim ol? Haýsy obadan? Bize belli däl. Atam gören hasrat, görgülerini, Gep edip ýörmegi halamazdy kän “Halk duşmany” diýlip, tagma basylan, Atamyz il sökmüş ýagyşda, garda. Asly käri bagbançylyk bolansoň, Bag ekipdir hem Tejende, Sumbarda. Serhet tarapda-da onuň yzy bar, Häzir bar diýýärler oň kepbe jaýy. Ýöne obasynda guran jaýyny, Ýykypdy mes ýagty bir agtyk – baýy. Enemizi bagtly edip bilmedik Atamyzam bagtly bolup bilmedi. Arasynda bolup agtyk-çowlugyň, Derdine em edip aglap, gülmedi. Ussady ol, jan bererdi demire, Zat ýasardy hanjar ýaly paltadan. Şükür Huda, dowam edýär nesili, Zürýat galmyş Çary Baly atlydan. Uruşda ogluny ýitiren ata, Sürgünde döz geldi ajy habara. Durmuş ikiýana silterlese-de, Gözi ýolda garaşdi hoş çapara. ...Jesediniň başujunda oturyp, Didelermi gözýaşlara bagladym. Atamyň, enemiň keç ykbalyny, Ýatlap bu gün ýene sessiz agladym. 17.03.2023. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
