16:36 Abadana | |
|
Saňa bagyşlanan gazalym üçin, Özümi bagtly saýdym men, uýam. Mähir-muhabbetden doly keşbiňde, Perişdäniñ barlygynna uýdum men, uýam. Joşa getirip sen şahyr ylhamyn, Sende gördüm müň bir derdiň melhemin, Bu ömrüme bolarmysyň hemdemim?! Belki, "Humarala“ sazy, Abadan. Diýjek şuny—sen gösellik nusgasy, Hem sadalyk, hem pespällik nusgasy, Halallygyň gönezligi, gözgüsi, Rugsatmydyr öpsem, tozuň, Abadan. Gözüm gözleriňe düşen halaty, Aý, gyz, ynan, ýürek seni halady, Pelpelledi gökde göwün ganaty, Peri-peýker, guba gazym, Abadan. Waspyňy söýlärden ejiz men, janym, Bu dünýäde sen soltanym, sen hanym, Unutman dünýäde urýarka ganym, Ne owadan bahar-ýazyň, Abadan. Indi göwün her gün seni gözleýär, Hyýalymda saçlaryňy çözleýär, Ynan janym, göwün sen diýip sözleýär, Ýaksa ýaksyn kerkaw közüň, Abadan. Göwün etme, uýam, garry şahyrdan, Aýdanlary enaýy däl jahyldan, Garrapdyr, söz açýar Zöhre-Tahyrdan, Daşda däldir mahmal ýazyň, Abadan. Nesip etsin bize toýuň toýlamak, Şady-horram ummanyny boýlamak, Durmuş eşretinde gülüp-oýnamak, Mynasypsyň muňa özüň, Abadan. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
