12:45 Adamzat taryhyna çaklama | |
Meniň bu pikirim täze däl, köne, Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam! Milýon-milýon ýyllaň geçmegi bilen, Meger, ony soň ýoklapdyr Ýaradan?! Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam, Bolandyr gyzykly onuň taryhy. Bolandyr Sokraty, Aristoteli, Magtymguly ýaly beýik şahyry. Marksy, Lenini hem-de Stalin ýalysy bolandyr, bilýärin magat. Kompýuter, telewizor, samolýot, Ýer ýüzüne aýlanandyr şo sagat. Soň ýitipdir adam ýeriň ýüzünden, Ne sebäpden gyrlypdyrlar, bilýän ýok. Nuhuň gämisi bir dörän rowaýat, Taryh üçin bu maglumat bolanok. Ýöne telim gezek gelip-gidipdir, Ýer ýüzünde geň ykbaly adamyň. Adam öz-özüni gyran bolmaly, Belki, bu-da bir oýnudyr atomyň. 02.10.2024. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
