01:09 Ahwalat | |
|
Bir akmagyň soragyna Üç akylly derläp otyr. Bilmedigni özi bilmän, Bilýänsiräp gürläp otyr. Oýlaman hiç soň-öňini, Bulaşdyryp duş-deňini. Mahabatlap päk tenini, Pula gyzyp ýerläp otyr. Öň tertipsiz diňe Çary, Indi meňzeş bulaň bary. "Ejjeň" diýe sözüň ýary, Juwan dili heňläp otyr. On nikaby ýüze geýip, Haram bolsun - bildi iýip, "Sagbolsunlar öldi" - diýip, Wyždanlarmyz şerläp otyr. Tegelekdir - bu pelegem, Her kime geler gezegem, Eginde iki melegem, Edenlerňi derňäp otyr. Ýagşa artsyn ynsan köpi, Kalpda dolsun iman gepi, Sebäp ajal kakyp gapy, Ynsan baryn deňläp otyr. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
