14:30 Aman Gulmämmedowa | |
Magtymguly bolup uruş ýyllary, Adamlara beripdiň sen teselli. Pähimli sözleriň ganat beripdi, Açylypdy dert ulaşan keselli. Magtymguly bolup ilkinji gezek, Döredipdiň howandary sahnada. Adamlar diýipdi saňa “Maşalla!”, Deňäpdiler sen ussady mähnede. Dogrudanam mähnetdiň sen sahnada, Sahnada däl, durmuşda-da şeýlediň. Hak nazary düşen, eý, eziz adam, “Halkym!” diýip, çyn ýürekden söýlediň. Otello, Korol Lir, Keýmir kör bolduň, Ýaşadyň sen adamlaryň kalbynda. Hem şäher häkimi, hem Allan aga... Kuwwat bardy aýdan sözüň zarbynda. Dagyň eteginde doglupdyň başda, Indem dagyň eteginde heýkeliň. Ir ertir, giç agşam düşse nazarym, Göwünlere ganat nurly şekiliň... 13.06.2024. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
