17:59 "At bilen kowalap gördüler ony..." | |
At bilen kowalap gördüler ony, It bilen düşdüler onuñ yzyna. "Ýelesinden barsañ ys alýar" diýip, Awçy aç möjegiñ geçdi ygyna. Onuñ häsiýetine beletdi awçy, Hasaplydy her bir ätjek ädimi, Ýöne bu ýagdaýa düşen möjegem Gowy tanaýardy öz jelladyny. Ýalañaç çölde däl, ak tokaýlykda Janhowluna özün urup her ýana. Mejaly gaçsa-da, eñki agsa-da, Garaz, gaçýan aldyrmady kowýana. Daragtlaryñ şahasyndan gar gaçýar, Gün hem barýar öz ýoluny ortalap. Ine, birdenkä-de güwläp-gürrüldäp, Dik depede peýda boldy wertolýot. Atyljak top kimin düýrüldi möjek, Çal böri agzyny hatap dek açdy. ...Birden onuñ gan guýulan gözleri Asmandan çenelýän ýaraga düşdi. Gapdaldaly berýozany nazarlap Ok bolup atyldy aljyran haýwan. Agaja ýelmenip ýüzinligine Germesatan bolup durşuna haýran! Çal bulutlañ aşagynda bir ýerde Baş ýaýkaýar çür depesi daragtyñ Gözüñ aýdyñ, Gözüñ aýdyñ, janawer, Bu gezegem hernä getirdi bagtyñ! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
