19:48 Moda hakynda | |
![]() Başymda bagana gulakçynym bar, Egnimde paltom bar - biçimi sada. Geñirgenip, öwran-öwran änedip, Gapdalymdan geçdi iki pyýada. Gatnawly köçeden bir gözel barýar, Ketenisi syratyna gelşip dur. Hol beýlede duran iki gyz weli, Göz ümleşip oña bakyp gülşüp dur. Ilkibada añka-tañka bolsamam, Bahym düşündim men bu bolýan zada: Diýdiler: bagana gulakçyn bilen Keteni bireýýäm könelen moda. Işe welsepitli gatnamak geñmiş, Ýa-ha maşynly git, ýa-da pyýada. Belli işiñ başyn çatsak-çatmasak, Işeññir görünjek bolmagam - moda. Bir tanşym bar ýüzüniñ çyrşagyn görmän, Özgä at dakmagy edindi kada. Bir seretsem, asyl ýañkyñ öýünde Onuñ by häsýeti bolupdyr moda. Agzyna gelenin sarnap, sygyryp Bögürip dur bir aýdymçy pyýada. Bögürse bögürsin, indi toýlara Hut şony çagyrmak modamyş, moda. Salam berenimde şol salamymy Alman geçýäni-de görüp nega-da: Içimden diýýärin: "Nätseñ, et weli, Adamlykdan berin aýyrma, moda!" * * * Elbetde, biz her bir erkek kişiden Göroglynyñ çykmajagyn bilýäris. Bilýän bolsañ, oturber-dä diýsene... Ýok, gaýtam delilem tapjak bolýarys. Erkek kişiligiñ, goç ýigitligiñ Hamana üýtgänmiş gadymy şerti. ...Dört ýigit öwünýär palaw başynda Sypalap künji ýag çalynan murty. Gürrüñ gaýrat hakda, namys hakda däl, Elbetde, ýylmanak gelinler hakda. Aýlamaga şol gelinleñ başyny Bular bir-birinden bolarly ökde. Ärler mydam güýçli bilen göreşip Göz görkezip, onsoñ dile düşüpdir. Döşe kakýan bolsak, aýal azdyryp, Indi är bolmagam ýeñilleşipdir. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Surat: Ýe.Gorohowa / "Крокодил" žurnaly, 16.06.1976 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |