17:43 "Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy..." | |
|
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy, Göz gözüň öňünde surata düşdi. Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi, Gijeler gözlerE uky gelmedi. Artdy iki kişiň mylaýym derdi, Olar bir-birini düýşünde gördi. Gulaklary şaňlap ýada düşdüler. Bir-birini küýsäp, oda düşdüler. Pynhan-pynhan ýerde duşulan çaglar Olary il-günden gizledi baglar. Ýüregiň öňünde ýürek açdylar, Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar. Iki ynsan bir-birine ýar boldy, Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy. Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi, Gelin agraslandy, owadanlaşdy. Edilen şert käte çyksa-da puja, Gündiziň öýkesi ýazyldy gije. Indi aýdaýaýyn soň bolan zadam: Adamdan döredi ýene bir adam. Adamdan döredi ýene bir adam, Oňa "Ömri uzak bolsun!" diýdiler. Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy: Guduraşyp, içdiler hem iýdiler. Kinniwanja adam welin aglaýar, Köşeşdirýär diňe enäň emmesi. Gara çyny bilen çyrlaýar körpe, Şady-horram galanlaryň hemmesi. Bu neneňsi waka, niçik ahwalat? Näme üçin aglaýar ol, gülenok? Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
