10:47 "Gel eý dünýä, bu söwdany oňlasaň..." | |
|
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň, Seniň bilen alyş-çalyş edeýin. Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber, Men baýlygmy saňa bagyş edeýin. Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun. Üstesine hiç zat talap etmäýin, Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun. Elimden al derejämi, çinimi, Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber. Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber. Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym, Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym. Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen Garyp çatmam — şol köneje ketegim. Müň bir aladadan hum bolan kelläm Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin. Kakabaş günleri küýsän ýüregim Porhan bolup, gursagyma sygmasyn. Öňümdäki mele-myssyk nany al, Deregine ýylçyr gara daşy ber, Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn, Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber. Öwezin almaga ýitirlen ömrüň Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber. Men bu dok durmuşy saňa bereýin Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
