19:20 Ätiýaçlyk hekaýaty | |
|
Guşlar üýşüp sorag beren Jikjikä: “Aýagyň galdyryp ýatmaň nämekä? Näme üçin biziň ýaly ýatmaýaň? Syryn sorasagam hergiz aýtmaýaň. Guşlaryň bolmaýar ýassyr-bussury, Senem bize aýan eýle bu syry! Jikjiki olara beripdir jogap: “Biläýmeli zady dursuňyz sorap. Birden asman hopup, gaçaýsa aşak, Bilmeris ahyryn biz munda ýaşap. Şoň üçin aýagym galdyryp ýatýan, Gögüň hoparyndan howatyr edýän. Ony saklap bilerinmi ýa-da ýok, Emma ätýaçlygy elden beremok.” ...Ätýaçlygy elden beräýseň bir gün, Gümansyz köpeler alada-görgiň. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
