22:16 Garşylyk | |
Her pikirde bir ýürek bar, Her ýürekde müňläp pikir. Biri ýagşy, biri erbet, Biri hak, beýleki mekir. Çapraz pikir arasynda, Ynam üçin howa ýokdur. Hemmäniňem agyr derdi, Ol derde-de doga ýokdur. Dawa edýär iki kişi, Bir-birege oýkap döşün. “Maňa düşün!..” diýýär biri, Ol hem diýýär: “Maňa düşün!..” Bu çapraz pikirleň urşy, Biri hak, biri-de nähak. (Gör, ynsanyň göçdi huşy – Bu pelegiň oýnuna bak!..) Goşa güýjüň zarbasyndan Kalp ses edýär, dükür-dükür. Her pikirde bir ýürek bar, Her ýürekde müňläp pikir... Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
