16:03 Bagtyň gözleginde... | |
Mähirden püre-pür jady gözleňde, Indi harsydünýäň yşky bar ýaly. Garaçygy göýä ýowuz neşderi, Didäň agy bolsa, gyşky gar ýaly Sowapdyr, nebisiň aňzak ýelinde. Ýylatmaga ejiz ýyly demim-de. (Ýollar aýra düşse, aglasa ýürek, Bir, iki däl gülüp geçjek deňiňden.) Tasanjyrap gitdiň, bagtyň gözlegne. Hamana ol göze görünýän ýaly. Saglygy bagt bolup görnermiş hassa, Bagtmyşyn aşyga öz söýen ýary. Sen bu hörpden gopup bilmediň asla! Tapybam bilmediň gözleýän bagtyň... ...Sen ony taparsyň, böwrüňi diňläp, Meni kalbyň bilen küýseýän wagtyň!.. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
