18:54 Bilen | |
Gün säherde dogýar her gün, Tamam bolýar batmak bilen. Arzuwa ýetilýär bir gün, Umyt edip bakmak bilen. Dünýä gözel, emma ýeser, Ynamyň, yhlasyň emer. Durkda gaýrat bolsa eger, Gümrasyň al-bermek bilen. Toba, toba akyl berýän, Hemme-de düşünýär, bilýär. Hözirin görmersiň dünýäň, Duluň düýnäp ýatmak bilen. Jahyllykda bir joşmadyk, Ýaza ýetmez ýalňyşmadyk. Takdyr göwnüňi hoşladyp, Soňra urar tokmak bilen. Köteldir ýollaň öwrümi, Kä öwmeli, kä döwmeli. Awlap bolmaz öz göwnüňi, Özgäň göwnün ýykmak bilen. Gör, munda ajap çaglar bar, Bag-bakja, çeşme-çaýlar bar. Başy gök dirän daglar bar, Oňma depä çykmak bilen. Wah, owalda dünýä albaý, Haka ýalbar aglaý-aglaý. Nadanlar hiç tapmaz abraý, Bigünäni satmak bilen. Jylawyn çekip mesligiň, Kalba ýagşylyk beslegin. Ile ýaýarsyň pesligiň, Kejeleşseň akmak bilen. Tug edip danaň diýýänni, Ile öwretseň bilýänňi. Ýandyryp bolar dünýäni, Bir kiçijik çakmak bilen. Hawa, göwne ýetip bolmaz, Bir utsaň, bir utup bolmaz. Ýanyp-tütäp ötüp bolmaz, Gül ömrüňi ýakmak bilen. Ahyr bar zat aýdyň bolar, Ýüreklere öýdüm bolar. Bu şygrymam aýdym bolar, Gursakda jaý tapmak bilen. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
