07:57 Aýal gülküsi | |
Aýal gülküsinden owadan gülki Tapmadym, gozledim ýeriň ýüzünde. Göwni ýene joşa gelen dünýäniň Nurdan doly ýagtylyk bar gözünde. Aýal gülküsinden awuly gülki Tapmadym, gözledim ýeriň ýüzünde. Persala, lerzana, weýrana göwün, Ýanýar göwün kerkaw oduň közünde. • ÝEDI ARKAM Ýedi arkaňy bilmek, belki-de, lazym, Aýypdyr-ha, şejeräňi bilmezlik. Nesilden-nesile dowam etmeli, Ol dirilik suwy, baky ölmezlik. Alyp gaýdýar gözbaş seni nireden? Bu syrly sowalyň syrly jogaby. Göm-gök asman, Aý, Gün, tebigat üçin, Şol gözbaşa etmelisiň togaby. Ýaşasyn şejeräm, dowamat dowam, Ýollar bizi alyslara eltedir. Ýedi arka diýilýäni, megerem, Zürýat üçin ýaşamagyň şertidir. • SENIŇ TANŞYŇ Jan çekene jan çekmediň, "Jan!“ diýip, aýak sekmediň. Şeýtanyň raýyn ýykmadyň, Şeýtandanam beter adam. Hoş söz berdiň—boş söz berdiň, Ýaraly göwne köz berdiň. Tüýs hameleon, müň özgerdiň, Ýylandanam hatar adam. Günäsi nä? Atdyň töhmet, Niçeleri aldy möhlet. Baýram, Didar, Küren, Ahmet... Menem senden heder, adam. Allaþar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
