19:18 Aýşy-eşret çagynda | |
Unudaly bu dünýäni ezizim, Mekan tutup, serhowuzyň başynda. Müň owaz eýlesin saýrak guşlaram, Perwaz urup aşyklaryň daşynda. Suw çüwdürlip, al-asmana ýaýraýar, Soňam monjuk-monjuk bolup paýraýar, Bu görnüşi görüp gözüň doýmaýar, Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda. Bagş edip bir-birege mähirin, Gör, oýnuny Zöhre bilen Tahyryň. Waspyn eýle, kesbiň söýle şahyrym, Aşyklaryň aýşy-eşret dagynda. Göwnüň götär öwsen Sumbar şemaly, Her maýsada älemgoşar jemaly. Görüp bolar diňe beýle jemaly, Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda. Gül gujagyn gerdi gülli Aýdere, Bu gün bize tabyn beýik çaý-dere. Gör-le, Aýam bu gün düşüpdir ýere, Aşyklaryň aýşy-eşret çagynda. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
