11:08 Bagş etdim saňa | |
Käkilik ählini küle gördüm men, Sähra sülgünini ogşatdym saňa. Kelläm göçen wagty dilewardym men, Pynhan syrlarmy paş etdim saňa. Sen hakda henizem pikirim yrga, Aşyklar hemişe bolýarlar ýygra. Seniň suratyňy siňdirdim şygra, Ýüz etdim, göz etdim, gaş etdim saňa. Kim öwretdi beýle hetden aşmany, Ýaňy dälmi dostlugmyzyň başlany? Söýmäni öwretdim, söýdüň başgany, Men yşgy ömürlik iş etdim saňa. Joýalar çemen dek düzülýär oka, Meni nädip, läläm, döz geldiň oka? Waspyňy namaz dek gaýtalap oka, Ýaşyma bir mukam joş etdim saňa. Seniň gujagyňda dokuz jennet bar, Agzyňdan gaçan söz janyma nektar. Hiç ýok şygrym üçin bolgun minnetdar, Tükenmez söýgüni bagş etdim saňa. İtalmaz AKMYRADOW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
