17:37 Ýangyn söndürijä | |
Ýok, siz ýalňyş gelmänsiňiz, jan agam, Şu öýde ýangynyň barlyg-a çyndyr. Bu ýangyny bilýärdiler öňrägem, Ilçilik. Bir säwlik ýüze çykandyr. «Öýi ýanýar» diýendirler, wah, size, Şeýdip ýel alaýýar agyz-agyzdan. Sizden haraý ýokdur men dek bagtsyza, Meň duşan ýangynym juda aňyrdan. Jan agam, öýüm däl, ýanýan meň özüm. Öýüm ýanýan bolsa, habar ederdim. Çaga dek sadadyr çen eden gyzym Bir ot oýnap ýören bolsa nädersiň?! Degşeniňiz üçin sag boluň, ýöne Maňa ýetmän, pürken suwuňyz gaýnar. Muny bilse, kalby gedem bigana Öňki bolşundanam has beter aýnar. Dili bilen, gözi bilen söýýär ol, «Ýüregi» bilenok onuň sözlügi. Adam üçin şöhrat işi saýýar ol Degdi-gaçdylygy — messepsizligi. Meniň ýanyşymdan alýar ol lezzet, Ol meni söndürmez ölsemem asla. Men ömür ýanmaly bolaryn erbet, Başga bir halasgär tapylaýmasa. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
