13:35 Bolarmy | |
Gözüme dünýäniň manysy dildar, Sen bolmasaň, älem-jahan bolarmy? Dertlä şypa gerek, aşyga didar, Mejnuna Leýli dek melhem bolarmy? Söwdügim, derdimi aňma aňmasaň, Beýle parhsyz bormy ynsan balasam? Her setirim saç ujuňa baglasam, Galamym boýnuňa dagdan bolarmy? Hiç kem-köst görmedim elde-bilekde, Gez dünýäde şol el bilen gül ek-de. Ynsda-jynsda, ýene hüýrde-melekde Seniň ýaly pisse dahan bolarmy? Her gije suwlasam öýüň daşyny, Ýagyşdyr öýtmegin gözde ýaşymy. Geň görme «Alyp dur — diýip — işigi» Gapysy sakçysyz soltan bolarmy? Yşk gedaýy bolup, gapyňdan gelsem, Ajy söz aýtsaňam janyma melhem. Eý, ylhamgözelim, berýärsiň ylham, Onsaň seniň belli bahaň bolarmy? Men haýyş edýärin Yşgyň adyndan, Meni gysma çoýunýanja odumdan. Seni dagy çykaraýsam ýadymdan, Onsaň menden oňly adam bolarmy? Italmaz AKMYRADOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
