17:33 Syzla | |
Bilýän maňa söýgiň gowşak. Nakys mazy ýaly syzla. Göreňogam meni ogşap, Bagtyň özi ýaly syzla. Gowudan soň ganymat bar, Her kes bähbidin amatlar. Sen kimin serwi kamatlar Türkmen ýazy ýaly syzla. Hor kamatyň — hüýr kamatyň, Saňa diýmek bolmaz hatyn. Az sözli seň tebigatyň, Sözüň uzy ýaly syzla. Lebiň taýsyz içgilerde. Öýüň Käbe dek ilerde. Az görünýäň biz illerde, Turan gazy ýaly syzla. Ýüzden ýüwrük, müňden tulpar, Gelişip dur: sölper, keýker. Seniň kimin peri-peýker Suwry guzy ýaly syzla. Gursak — ojak, ýürek ýanar, El seniň waspyňy ýazar. Ýar, maňa salyşyň nazar, Hakyň gözi ýaly syzla. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
