11:40 "Bagşylara" | |
Ýagyşdan soň köpelşi deý köpelýär, Ululy-kiçili, dürli kömelek. Was, Garagum, Pendi, Ahal... düzünde, Ne hezillik, heýjan-elek, jan-elek. “Bagşam” az däl kömelegiň sanynda, Oglan-u-gyz, garry-juwan ýanyňda. “Bagşy bolmak hemmeleriň aňynda”, Daşymdan däl, gaýtaladym içimde. Hany bagşy, dil bitiren dutara? Ýa gyjaga, ýa sitara, gitara... Köpüsiniň ýüzi şo-ol Günbatara, Bagşysy az, walla, munuň içinde. Her gün doýup içen ýaly çefirden, Düşmeýärler ekrandan ýa efirden. Horluk eken aşa düşseň zefirden, Her hilisi bardyr munuň içinde. Atlysy bar, atsyzy bar bir giden, Aýdymlaryň işi görülýär neden. Nämüçin diýemzok: “Ä-hä-heý, ýegen, Gitsene, işiň ýok munuň içinde”. 01.01.2023. • IKILEMELER Görmegiň kemi ýok, ýöne akylyň bilen deň gelmeýäe eken şekiliň. 02.01.2023.(03.31m.) *** Kim geçmişde basybaljy atasyn, Taryplasa, geçilmejek hatasyň. 02.01.2023. (03.36m.) *** Danaň müň ýyldan soň sözi ýaşaýar, Diýmek, ölmändir ol, özi ýaşaýar. 02.01.2023 (03.41 m.) *** Göter-göter edip, göterdi biri, Gerekmi ýasamak tilkiden şiri? 02.01.2023. (03.45 m.) *** Ata zadyn saklap bilmese her kim, Ýaşan ömri bolar, meger, it kimin. 02.01.2023. (03.57 m.) | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
