11:53 Bägül hekaýaty | |
Möwriti ýetdi-de, açyldy gunça. “Hiç bir bägül gözel däldir-le munça...” Diýip, bir gyz ysgap-ysgap doýmady, Onuň terje ýapraklaryn oýnady. Birden barmagyna çümdi bir tiken, Elin çekdi, gaty awuly eken. Ol gyz diýdi: “Tiken nämäňe gerek? Gunça et, ol ýiti neşderä derek.” Gül ygşyldap, ýuwaşjadan seslendi: “Bilmeseň bilip goý, senem bu pendi! Temmisin bermeseň işiň görerler, Herki zada el uzadyp ýörenler...” | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
