23:06 Başlan-a men... | |
|
Başlan-a men, gutaranam özüňdiň, Oň üçin bolmasyn gussadyr-kinäň. "Oskaryny" alanyňa bagtlymyň, Süýji ýalanlardan düşürlen kinoň. Ol kino arzuwym hem-de durmuşym, Ýatlap ony her gün, oturlar görlip. Sen şugla saçarsyň göwherden beter, Men poslan demir deý ýataryn gömlip. Dünýä baky bahar bolanda näme? Gussa bolsa kalba garlar ýagarmyş. Belki bir gün deňleşerin dünýäme, Bahar güneş bolar, garlar ýagar gyş. Bugdaý ekilmänkä iýip çöregin, Düýşde eken "bagtym" diýip eşdenim. Menem bir gün ykbalma gulak goýup, "Sen ýalňyz däl" sözlerini eşderin. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
