07:33 Beýiklik | |
|
Ötdi şu gün bu jahandan dirikä Salama geçmedik nadyl bir gende. Iliñ beýikligne haýranlar galdym, Hanha, ony alyp gitdi gerdende. Adam bary derin çalyp, ylgaşlap, Hormat edip, ony egne mündürdi. Ol bolsa köp ýyllap şu märekäniñ - Agzyna zäk atdy, diri ýandyrdy. Süýtden gan gözledi gowy günlerde, Bir gezegem "gowy" diýmedi gowa. ...Çal sakgalny orta goýup gojalar - Ene ýer öñünde geçdiler güwä. Diýdiler: "Gowudy, gowudy, gowy..." Onsoñ utanç bilen bakdylar ýere. Ýalan gepe Zemin aglarmyş sojap, Bagryna düşermiş ýene bir ýara. Oñ belent başynyñ artarmyş agy, Göz-görtele peslik gitse ýuwulyp. Nätjek-dä, bu dünýä döräli bäri, Erbetligi göterip ýör gowulyk! Aman-aman, ene ýeriñ öñünde Il ýalan sözleýär "gowudy" diýip. Gowulyk nirede, pesdi ol adam. Ýöne il göterýär. Il - beýik, beýik! 1972 ý. Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
