18:17 "Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de..." | |
Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de, Girdi señ kalbyña sowuklyk bolup. Bulut tutdy seniñ röwşen gözlerñi, Ol indi ýagty däl, örän bulanyk. Indi görejiñde görünemok men Ala gözleriñde öldüm-de, öçdüm. Bakyşyñda bar niýetiñ görnensoñ, Hiç zat soramadym, Men saña düşdüm. Dünýäde wysalam, hijranam köne. Durmuş bir oýunbaz hem bizden ökde. Unutmak añsatdyr öýdýänsiñ, ýöne, Bilde yz galmaýar Galýar ýürekde. Ýürekde galan yz galýar dert bolup, Derdi bolsa, aýlar-ýyllar bejerer. Namartlygy ýeñmeli biz mert bolup, Gynanaryn, başga biri begener. Goý, begensin, Baky däldir şatlygam. Gynanaýyn, Baky däldir gam-gussa. Biziñ ýaşap, söýüp ýören ömrümiz Ol bize geçmişden galdyrlan nusga. Täzelik açamzok söýüp, söýülip, Täzelik açamzok undup, undulyp. ...Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de, Girdi señ kalbyña sowuklyk bolup. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
