10:44 "Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." | |
Bolup bilmedik biz atamyz ýaly, Atam eli açyk, sahawatlydy. “Dünýä maly galar – diýdi - dünýäde”, Öz hakyna kaýyl, kanagatlydy. Biz bolup bilmedik atamyz ýaly, Myhmana açykdy mydam saçagy. Haçan barsaň gara gazan gaýnardy, At alypdy il içinde ojagy. Egser ýaly däldi tamdyrtowymyz, Sowulmazdy alaw ody tamdyryň. Suwa batyrylan gyzgyn nanymyz, Paşşyldysy owazydy tamdyraň. Biz bolup bilmedik atamyz ýaly, Megerem bu durmuşyň bir kanunu. Diýdiler: -Atasy misli Hatam Taý, Ogly welin gadym döwrüň Karuny... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |

