18:32 Boş bolgaý | |
![]() (Edebi ýaňsylama) «...Şahyr şygyr döreden pursatynda... onuň ýürek urgusyny, gan basyşyny ölçäp görseň, ol howply çäklere ýetýän bolmaly...» Orazguly Annaýew, «Garagum» žurnaly, №2, 2015. sah. 140. Şahyr goşgy ýazýar ümsüm otagda, Jykgyldysy eşidilýär sagadyň. Ýazýar, pozýar, ýazýar ýene-de pozýar, Pozýan ýok şahyryň sabyr-takadyn. Ýürek urgusy-da normal ýagdaýda, Normal ýagdaý damarda gan basyşy, Şahyryň ömrüne howp salýan zat ýok. Bolup dur formasy, rifma ýasaýşy. Şahyr rahatlygyn ýitirdi birden, Ýada düşüp Orazgulyň aýdany. Üýtgedi gan basyş, üýtgedi urgy, Tutanmyş burgy... Birden-ä gyzdyrýar, birden üşedýär, Ullakan howp aljyradýar şahyry. Aýaly ýalbarýar, gyzy aglaýar; «Goýaý indi – diýip – şahyrlyk käri». Şahyr bilip goşgy ýazmak tärini, Barybir ol dowam edýär kärini. Orazguly öz-özünden hoş bolgaý, Ýazan zatlarymyň bary boş bolgaý... Maňa-ha bir zatlar bolýar şu günler, Okap Orazgulyň goşgularyny. Öz-özümden howul alyp samraýan, Okajak däl indi başgalaryny. 27-28.12.2015. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |