11:26 Buza gaçan ýürek | |
Päk söýgümden ýüz öwürip, Gideňde gözümden ýitip. Saňa ýüregmi soguryp, Berjekdim, yzyňdan ýetip Başarmadym, essim aýyp, Ýykylamda buza taýyp, Ýüregim buza gaçypdyr, Özem biraz çat açypdyr. Ýürek ýatyr ejir çekip, Üşäp ýatyr doňan ýolda, Seň geljek ýoluňa bakyp, Ol şindem umyt -hyýalda. Ine bir gün peýda bolduň, Ýöne, arman, ýeke däldiň. Sen kürteli täze gelin, Bagty çüwen ýigit bilen, Ol ýatan ýüregi görmän, Ýa görseňde üns bermän, Assa basyp, seýkin ýöräp, Basyp gitdiň, ga'ra bulap. Ol bolsa yzyňdan garap, Galdy, saňa bagt diläp. Ýürekdäki bu tirpildi, Onuň soňky urşy boldy, Buzlaň içinde irkildi. Ýürek şeýdip doňup galdy. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
