02:40 Çapraz ykbal | |
Aýralygyň ajysy köp bolsa-da, Muhabbete janym barka talaş men Hatda seniň beren gussalarňy-da, Gedaý bolsam, altyn pula çalyşman Asylsa asylsyn umydam dardan, Kime näme? Hiç kim oňa bakmazam. Entek dogulmanka gömlen arzuwlam, Görogly deý göründenem çykmazam. Emma, men barybir sada söýgimi, Duýgy bilen taraşladym, besledim. Ýer alansoň dört pasylda aýralyk, Söýgi üçin bäşinjini isledim... Isledim men, azajygam bolsa-da Bile ynam bilen göreşmegiňi Dolduryp sabyrdan sabyr käsäni, Dökmän, soňuna çen garaşmagyňy Ýöne... Çapraz ykbalmyzy diýsene, Uzakda sen, bagra basyp guçardan Bagtymyza bile gideris öýtdüm, Men otly saýladym, a sen uçarda. Ylham GURBANALYÝEW. 2022. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||