02:44 Çyn şahyr | |
Dogry aýdýaň, şahyr galat sözleýär, Onuň bar aýdany galatdyr-galat. Emma nämüçindir wagty gelende Şahyryň aýdany bolýar hakykat? Sen adama at goýaňda rast sözle, Aýdymça ozan diý, aşyga Tahyr, Heýkelçä nakgaş diý, emma hemişe Diňe çyn şahyra diýginiň şahyr. Çünki şahyr diýmek- uly dünýäde Ylham bilen joşýan hakykat diýmek. Sebäp ol şat günüň bile şatlanyp, Gaýgyly günüňde bolar duzemek. Ençeler naýbaşy setirler ýazyp, Özlerine ussat şahyr diýerler. Emma olar ussat şahyrlar däl-de, Gynansakda ussat setirçidirler. Ýene birnäçeler kapyýa ýazyp, "Men çyn şahyr'' diýer jydyrda-jydyr. Emma giň dünýäniň şahyry däl-de, Olar ady meşhur kapyýaçydyr. Ýöne kä kişiler, dogrymy aýtsam, Ne kapyýa bilýär, ne-de bir setir. Olaň setirlerne kapyýa siňmän, Olaň setirlerne ýürek siňipdir. Şeýle kişilerden göwünler sowap, Diýýärler: "Zat bilmez, emelsiz pahyr''. Dogry, kapyýaçy ýa setirçi däl, Ol- ylhamdan joşan hakyky şahyr. 02.09.2017. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||
